Sitrus Önümleriniň Eksporty 11 Göterim Artdy

Sitrus önümleriniň eksporty 452 million 782 müň dollara barabar boldy

2012071
Sitrus Önümleriniň Eksporty 11 Göterim Artdy

Türkiýäniň sitrus önümleriniň eksporty üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 11 göterim artyp 452 million 782 müň dollara barabar boldy.

Ortaýer deňizi eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde 793 müň 41 tonna sitrus önümi eksport edildi.

Geçen ýylyň birinji ýarymynda sitrus önümleriniň eksportyndan 407 million 875 müň dollarlyk girdeji gazanylypdy.

Sitrus önümleriniň eksporty üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 11 göterim artyp 452 million 782 müň dollara barabar boldy.

Sitrus önümleriniň eksportunda 181 million 470 müň dollar bilen Russiýa birinji, 41 müň 180 müň dollar bilen Ukraina ikinji, 32 müň 210 dollar bilen Polşa üçünji orny eýeledi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #sitrus

Degişli Habarlar