Syýahatçylyk Pudagynyň Girdejisi Artdy

Syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejisi 32,3 göterim artyp 8 milliard 690 million 505 müň dollara barabar boldy

1980628
Syýahatçylyk Pudagynyň Girdejisi Artdy

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejisi, üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 32,3 göterim artyp 8 milliard 690 million 505 müň dollara barabar boldy.

Türkiýäniň hasabat guramasynyň üstümizdäki ýylyň birinji çärýegindäki görkezijilerine görä, syýahatçylyk pudagynyň girdejisi artdy.

Syýahatçylyk pudagynyň girdejisiniň 20,8 göterimi ýurda gelen daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlaryndan alyndy.

Ýurtdan çykanlaryň sany üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 26,8 göterim artyp 8 million 181 müň 566 adama ýetdi.



Degişli Habarlar