Baýraktar TB2 Ýene-de bir Ýurda Eksport Ediler

Rumyniýa ýokary tehnalogiýa bilen üpjün edilen ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-ni satyn alan ýurtlaryň hataryna goşuldy

1979666
Baýraktar TB2 Ýene-de bir Ýurda Eksport Ediler

 

Ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-iniň ýene-de bir ýurda eksport ediljekdigi habar berildi.

Baýkar firmasynyň Baş müdüri Haluk Baýraktar, Baýraktar TB2-niň Rumyniýa eksport ediljekdigini mälim etdi.

Haluk Baýraktar, Twitterden beren habarnamasynda “Uzak ýyllardan bäri ýakyndan gatnaşyk edýän ýurdumyz Rumyniýa ýokary tehnalogiýa bilen üpjün edilen ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-ni satyn alan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2 üçin häzire çenli 28 ýurt bilen eksport şertnamasyny baglaşdyk. Baýkar hökmünde Ruminiýa bilen birlikde ÝB-ne agza 2, NATO agza 3 ýurda howa ulagyny eksport etmek bizi buýsandyrýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar