Nebati G20-niň Maliýe Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy

Nureddin Nebati G20-ä agza ýurtlaryn Maliýe ministrleri bilen Merkezi banklarynyň başlyklarynyň maslahatyna gatnaşdy.

1950856
Nebati G20-niň Maliýe Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy

Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebati G20-ä agza ýurtlaryn Maliýe ministrleri bilen Merkezi banklarynyň başlyklarynyň maslahatyna aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Ministr Nebati Hindistanyň döwürleýin başlyklyk etmeginde geçirilen G20-niň 1-nji Maliýe ministrleriniň we Merkezi banklaryň başlyklarynyn maslahatyna aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşandygyny sosial media hasabyndan habar berdi.

Nebati maslahatyň Türkiýe bagyşlanan ýörite bölüminde 6-njy fewralda bolan Kahramanmaraşdaky ýer titremeler hakynda G20-ä agza ýurtlara maglumatlar berendiklerini mälim etdi.

Nebati habarnamasynda; “Halkara jemgyýetçiliginiň şu günki güne çenli beren goldawyna sagbolsun aýdyp, mundan soňky tapgyrda-da arkalaşygyň ähmiýetini nygtadyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar