Türkiyeden dünýäniň 54 ýurduna pomidor eksport edildi

Türkiyäniň iň köp pomidor eksport eden ýurtlaryň hatarynda Rumyniýa ilkinji orunda durýar

1933768
Türkiyeden dünýäniň 54 ýurduna pomidor eksport edildi

Türkiyeden 2022-nji ýylda amala aşyrylan pomidor eksportyndan alynan girdeji, 2021-nji ýyla garanyňda 4 göterim artyp, 377 milion 418 müň dollara ýetdi. 

Günorta-gündogar Anadoly eksportçylar bileleşiginden berilen maglumata görä, eksportçylar geçen ýyl aralarynda Rumyniýa, Ukraina, Bolgariýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Ispaniýa, Gazagystan, Latwiýa, Russiýa, Polşa we Malaýziýa ýaly ýurtlar bolan dünýäniň jemi 54 ýurduna 526 müň 703 tonna pomidor eksport etdi. 

Pomidordan geçen ýyl 377 million 418 müň dollar girdeji alan eksportçylar 2021-nji ýylda 362 million 993 müň dollar bolan eksportyny 2022-nji ýylda 4 göterim artdyrdylar. 

Türkiyäniň iň köp pomidor eksport eden ýurtlaryň hatarynda Rumyniýa ilkinji orunda durýar. 

Rumyniýadan soň Ukraina we Bolgariýa ýaly ýurtlar gelýär. 


Etiketkalar: #eksport , #pomidor , #Türkiye

Degişli Habarlar