Horwatiýa ýewro ulanmaga başlady
Ýewropa Bileleşiginiň iň ýaş agzalarynyň biri bolan Horwatiýa, düýnden başlap diňe ýewro ulanmaga başlady
1932888
![Horwatiýa ýewro ulanmaga başlady](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/e139/b541/80e6/63c40f4836dd6.jpg?time=1718797078)
Ýewropa Bileleşigine 2013-nji ýylda agza bolan Horwatiýa, 1-nji ýanwardan başlap Şengen sebitiniň 27-nji agzasy bolan bolsa, şol bir wagtda resmi pul birligi kunadan ýewro öwürdi.
Resmi pul birligi kunadan ýewro geçiş tapgyry bolsa düýn tamamlandy.
Kunalaryň şu ýylyň ahyryna çenli poçtalarda, 2024-nji ýylda bolsa Horwatiýanyň Milli bankynda ýewro bilen çalşyp boljakdygy mälim edildi.
Horwatiýa ÝB-de ýewro ulanýan 20-nji ýurt boldy.