Awtomobil Pudagynyň Eksporty 12,9 Göterim Artdy

ÝB-ne agza ýurtlara 20 milliard 54 million 839 müň dollarlyk awtomobil eksport edildi

1929100
Awtomobil Pudagynyň Eksporty 12,9 Göterim Artdy

Türk awtomobil pudagy geçen ýyl ÝB-ne agza ýurtlara 20 milliard 54 million 839 müň dollarlyk awtomobil eksport etdi.

Awtomobil pudagynyň eksporty 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12,9 göterim artyp 254 milliard 210 müň dollara barabar boldy.

Awtomobil pudagy geçen ýyl 200-e golaý ýurda we awtonom sebite awtomobil eksport etdi.

ÝB-ne agza ýurtlar Türkiýäniň awtomobil pudagynyň eksportunda 64,7 göterimlik paý bilen esasy orun eýeledi.

2021-nji ýylda ÝB-ne agza ýurtlara 18 milliard 961 million 589 müň dollarlyk awtomobil eksport edildi.

Şol san 2022-nji ýylda 6 göterim artyp 20 milliard 54 million 839 müň dollara barabar boldy.

 

 


Etiketkalar: #eksport , #awtomobil , #ÝB

Degişli Habarlar