Türkiýäniň Enjam Eksporty 7,7 Göterim Artdy

Enjam önümçilik senagatynyň eksporty 7,7 göterim artyp 20,5 milliard dollara barabar boldy.

1911013
Türkiýäniň Enjam Eksporty 7,7 Göterim Artdy

Enjam eksporty üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 7,7 göterim artyp 20,5 milliard dollara barabar boldy.

Enjam eksportçiler bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýäniň enjam eksportyndaky ösüş her aý artmak bilen dowam edýär.

Enjam önümçilik senagatynyň ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan 10 aýlyk eksporty, geçen ýylyň degişi döwrü bilen deňeşdirilende 7,7 göterim artyp 20,5 milliard dollara barabar boldy.

Eksport sanawynda Germaniýa birinji, ABŞ ikinji, Russiýa bolsa üçünji orny eýeleýär.


Etiketkalar: #önümçilik , #eksport , #enjam

Degişli Habarlar