TOGG 2023-nji Ýylda 17-18 Müň Ulag Öndürer

“Firma 2023-nji ýylda 17-18 müň ulag öndürmegi maksat edinýär. 29-njy oktýabrda ýerli ulagyň öndüriljek desgasyny dabaraly ýagdaýda açarys”

1897795
TOGG 2023-nji Ýylda 17-18 Müň Ulag Öndürer

Türkiýäniň awtoulag topary TOGG 2023-nji ýylda 17-18 müň ulag öndürmegi meýilleşdirýär.

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, hususy telewideniýe kanalyna beýannama berdi.

TOGG ulagyny öndürjek Bursanyň Gemlikdäki desgasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýdan Warank, şenbe güni ilkinji ulagyň Prezident R. T. Erdogan tarapyndan tanyşdyryljakdygyny belledi.

Toggyň 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykaryljakdygyny ýatladan Warank “Firma 2023-nji ýylda 17-18 müň ulag öndürmegi maksat edinýär. 29-njy oktýabrda ýerli ulagyň öndüriljek desgasyny dabaraly ýagdaýda açarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar