Gazna we Maliýe ministri Nureddin Nebati maýadarlara çagyryş berdi

Gazna we Maliýe ministri Nureddin Nebati  maýadarlara Ýewropanyň bolşy ýaly Aziýanyň hem barha beýgelýän bir güýji bolan Türkiyäniň gepgrafik ýerleşişinden peýdalanmak barada çagyryş berdi

1898120
Gazna we Maliýe ministri Nureddin Nebati maýadarlara çagyryş berdi

Gazna we Maliýe ministri Nureddin Nebati, Saud Arabystanynyň paýtagty Riýad şäherinde geçirilen 5-njy Gelejek maýa goýum başlangyjy konferensiýasyna gatnaşdy. 

Nureddin Nebati ol ýerde eden çykyşynda, Türkiyäniň 4 sagatlyk uçuş aralygy bilen 1,3 milliard ilata we 26 trillion dollarlyk bir bazara elýeterlilik mümkinçiligine eýedigini, strategik ýerleşişi, köptaraplaýyn önümçilik mümkinçilikleri we döwrebap logistiki infrastrukturasynyň bardygyny we global söwda ugurlarynyň merkezinde ýerleşýändigini habar berdi. 

Türkiyäniň 2022-nji ýylyň ilkinji ýarymynda 7,5 göterimlik ösüş edendigini aýdan Nureddin Nebati: "Ýewropanyň bolşy ýaly Aziýanyň hem barha beýgelýän bir güýji bolan ýurdumyzyň, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän geografik ýerleşişi, her iki geografiýa bilen edýän gatnaşyklarynda köptaraplaýyn häsýetde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hödürleýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyňyza we mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyňyza ynanýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar