Türkiýe 100 Ýurda Fystyk Eksport Etdi

Türkiýeden ýylyn 9 aýynda 100 ýurda 145,9 million dollarlyk fystyk eksport edildi.

1891973
Türkiýe 100 Ýurda Fystyk Eksport Etdi

Günorta-gündogar Anadoly Eksportçy bileleşikleriniň görkezijileriniň maglumatyna görä 2021-nji ýylda 110 ýurtda 209,6 million dollarlyk fystyk eksport edildi.

Geçen ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda 12,319 tonna önümden 129,8 million dollar girdeji alynan bolsa, üstümizdäki ýylyň degişli döwründe 100 ýurda edilen eksport hümmet taýdan 12 göterim ýokarlady we 145,9 million dollara barabar boldy.

Ýylyň üçünji çärýeginde Yraga, Gruziýa, Gollandiýa, Alžire, Malaýziýa, Ýaponiýa, Marokka, Fransiýa, Omana, Dubaýa, Belgiýa, Ispaniýa, Awstriýa we Russiýa bilen bilelikde 100 ýurda 15,941 tonna fystyk eksport edildi.  



Degişli Habarlar