Stambul Howa Menzilinde 8 Aýda 60 Million Ýolagçy Uçdy

Ýanwar aýynda başlan artyş 8 aý yzygiderli ýagdaýda dowam etdi.

1878127
Stambul Howa Menzilinde 8 Aýda 60 Million Ýolagçy Uçdy

Stambul howa menzilinden uçan ýolagçylaryň sany 8 aýda 60 milliondan geçdi.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ýaramaz täsirini geçen ýyl görülen degişli çäreler bilen ortadan aýyran türk raýat awiaýasy, howa gatnawy we ýolagçy sany taýdan uly ösüş etdi.

Ýanwar aýynda başlan artyş 8 aý yzygiderli ýagdaýda dowam etdi.

Üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe içeri uçuşlarda 20 million 697 müň 400, halkara uçuşlarda bolsa 40 million 158 müň 378 bolmak bilen jemi 60 million 855 müň 818 ýolagçy Stambul howa menzilinden uçdy.

Ýolagçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 70 göterim artdy.

Ýanwar-awgust aýlarynda guralan uçar saparlarynyň sany hem geçen ýyla görä 40 göterim artyp 423 müň 238-e ýetdi.

 

 

 



Degişli Habarlar