Türkiýe, Funduk Eksportundan 2 Milliard Dollarlyk Girdeji Gazandy
12 aýda 340 müň 147 tonna funduk eksport edilip, 1 milliard 986 million 44 müň 569 dollarlyk girdeji gazanyldy
1875974
Türkiýe, 12 aýda funduk eksportundan 2 milliarda golaý girdeji gazandy.
Gara deňiz funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginden berlen ýazmaça beýannamada, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlan we 2022-nji ýylyň 31-nji awgustuna çenli dowam eden funduk möwsümi hakynda maglumat berildi.
Beýannamada 12 aýda 340 müň 147 tonna fundugyň eksport edilendigi we 1 milliard 986 million 44 müň 569 dollarlyk girdeji gazanylandygy ýatladyldy.
Degişli Habarlar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Polşa tabşyryldy