"Demirgazyk Akym 1" geçirijisinden Ýewropa tebigy gaz ugradylmaga başlandy

Russiýanyň gazyny Ýewropa daşaýan iň uly gaz geçiriji "Demirgazyk Akym 1" taslamasynyň 11-nji iýulda başlan abatlaýyş işleri tamamlanyp, tebigy gaz ýaňadandan akdyrylmaga başlandy

1857666
"Demirgazyk Akym 1" geçirijisinden Ýewropa tebigy gaz ugradylmaga başlandy

"Demirgazyk Akym 1" geçirijisi Baltika deňiziniň aşagyndan geçýär we Russiýadan Germaniýa ýylda 55 milliard kub metr tebigy gaz akdyrylýar. 

Bazarlar we kärhanalar, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli turba geçirijileriniň ýapyk bolan möhlediniň uzamagyna alda bildirýärdiler. 

Emma ady agzalan turba geçirijiniň abatlaýyş işleri meýilleşdirilen möhletde tamamlanypdy. 

Şu gün akdyrylmaga başlanan günüň ilkinji 2 sagadynda ulgamyň üsti bilen 48 million kub metr tebigy gaz ugradyldy. 

Gündelik 160 kub metr mümkinçilige eýe bolan turba geçirijiniň üsti bilen abatlaýyş işlerinden ozal her gün 60-65 million kub metre tebigy gaz akdyrylýardy. 

Beýleki tarapdan "Demirgazyk Akym 1" geçirijisiniň ýaňadandan işläp başlamagy bilen tebigy gazyň bahalary ýaňadandan arzanlamaga başlady. 



Degişli Habarlar