Türk Howaýollary İýun Aýynda 6,9 Million Ýolagçy Gatnatdy

Türk howaýolary üpjünçilik ukybyny 2019-njy ýyla görä 17,2 göterim ýokarlandyryp, iýun aýynda 6,9 million ýolagçy gatnatdy.

1853834
Türk Howaýollary İýun Aýynda 6,9 Million Ýolagçy Gatnatdy

Türk howaýollarynyň Metbugat merkezinden berilen beýannama görä kopaniýanyň iýun aýyndaky halkara ýolagçy gatnawy 83,2, içerki gatnawy bolsa 87,2 göterime barabar boldy.

İýun aýynda gatnadylan ýüküň we poçtanyň mukdary 2019-njy ýylyň degişli döwrüne görä 17,7 göterim artdy we 146,000 tonna barabar boldy.

Üstümizdäki ýylyň görkezijilerini beýan eden THÝ, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda 30,9 million ýolagçy gatnatdy.



Degişli Habarlar