Çaý Eksportundan Alynýan Girdeji Artýar

Türkiýe 2011-2021-nji ýyllaryň aralygynda çaý eksportundan 203,8 million dollar girdeji aldy.

1797302
Çaý Eksportundan Alynýan Girdeji Artýar

Gündogar Garadeňiz eksportçular bileleşiginiň görkezijilerine görä 2011-nji ýylda 68 ýurda 2,191 tonna çaý eksport eden Türkiýe, daşarky satuwdan 10,2 million dollar girdeji aldy.

Türkie 2021-nji ýylda 120 ýurda 5,500 tonna çaý satyp, 19,5 million dollar girdeji gazandy.

Şeýlelikde türk çaýynyň eksportunda soňky 10 ýylda mukdar taýdan 151, gymmat taýdan bolsa 91 göterim ösüş edildi.

Türkiýe  2011-2021-nji ýyllaryň aralygynda 57,8 tonna çaý eksport edip, 203,8 million dollar girdeji aldy.



Degişli Habarlar