Russiýa dünýäde iň köp sanksiýa girizilen ýurt boldy

Şeýlelik bilen Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň sany jemi 5 müň 530-a ýetdi

1791797
Russiýa dünýäde iň köp sanksiýa girizilen ýurt boldy

Global sanksiýa gözegçilik maglumatlar bazasy Castellum.ai tarapyndan berilen maglumata görä, Russiýa garşy 22-nji fewraldan bäri 2 müň 778 täze sanksiýanyň girizilendigi mälim edildi. 

Şeýlelik bilen Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň sany jemi 5 müň 530-a ýetdi. 

Russiýa şol san bilen sanksiýalaryň mukdary boýunça 3 müň 616 sanksiýa girizilen Eýrandan, 2 müň 608 sanksiýa girizilen Siriýadan we 2 müň 77 sanksiýanyň girizilen Demirgazyk Koreýadan hem geçdi. 

Dünýäde iň köp sanksiýa girizilen ýurtlaryň hatarynda şeýle hem 651 sanksiýa bilen Wenesuela, 510 sanksiýa bilen Mýanma we 208 sanksiýa bilen Kuba bar. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 21-nji fewralda Ukrainanyň gündogaryndaky Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň dolanşyklaryny ykrar edýän kararnama gol çekipdi. 

Putiniň şol kararyna garşy reaksiýa görkezmek bilen Günbatar ýurtlary 22-nji fewraldan başlap Russiýa garşy ilkinji sanksiýa kararlaryny beýan edipdi. 

Putin 24-nji fewralda bolsa Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy harby operasiýa başladandyklaryny mälim edipdi. 

Ukraina garşy hüjümleriň resmi ýagdaýda başlamagyndan soň Günbatar ýurtlary Russiýa garşy agyr ykdysady sanksiýalar girizmek üçin maliýe, energetika we aragatnaşyk bilen birlikde söwda we şahsy çäklendirmeleri öz düzüminde jemleýän köp sanda sanksiýa girizipdi. 


Etiketkalar: #sanksiýa , #Russiýa

Degişli Habarlar