5 Aýda 26 Ýurda 1247 Tonna Ançous Eksport Edildi

Ançous eksportundan 5 million 676 müň 301 dollarlyk girdeji gazanyldy.

1778357
5 Aýda 26 Ýurda 1247 Tonna Ançous Eksport Edildi

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2022-njy ýylyň 31-nji ýanwary aralygynda ançous eksportundan 5 million 676 müň 301 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Ady agzalýan döwürde 26 ýurda 1247 tonna ançous eksport edildi.

Fransiýa ançous eksportunda birinji orny eýeledi.

Fransiýa 267 tonna ançous eksport edilip 1 million 646 müň 878 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Ady agzalýan döwürde Belgiýa 232 tonna ançous eksport edilip 1 million 398 müň 414 dollarlyk, Germaniýa olsa 250 tonna ançous eksport edilip 1 million 129 müň 937 dollarlyk girdeji gazanyldy.

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2022-njy ýylyň 31-nji ýanwary aralygynda Liwana, Omana, Katara, Siriýa we Keniýa hem ançous eksport edildi.


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar