55 Ýurda Bal Eksport Edildi

Bal eksporty 2020-njy ýyl bilen deňeşdirilende 65 göterim artdy.

1768547
55 Ýurda Bal Eksport Edildi

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, Türkiýeden geçen ýyl 55 ýurda 9 müň 875 tonna bal eksport edilip, 30 million 498 müň 600 dollarlyk girdeji gazanyldy.

2020-njy ýylda bolsa 5 müň 972 tonna bal eksport edilip 25 million 856 müň 972 dollarlyk girdeji gazanylypdy.

Bal eksporty 2020-njy ýyl bilen deňeşdirilende 65 göterim artdy.

Bal eksportunda ABŞ, Germaniýa, İspaniýa, Bolgariýa we Ysraýyl esasy orun eýeledi.


Etiketkalar: #ABŞ , #girdeji , #bal eksporty

Degişli Habarlar