Türkiýäniň Üzüm eksporty 36 Göterim Artdy

Epidemiýa döwründe üzüme bolan talap artdy

1731426
Türkiýäniň Üzüm eksporty 36 Göterim Artdy

Türkiýäniň üzüm eksporty ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36 göterim artyp 118 million dollardan 160 million dollara ýetdi.

Egeý ter gök we miwe önümleri eksportçylar bileleşiginin başlygy Haýrettin Uçak beren ýazmaça beýannamasynda Manisa-Izmir-Denizli üçburçlygynda 60 müň öndürijiniň 1 million 100 müň gekdarlyk bagda sultany üzümini ösdürip ýetişdirýändigini belledi.

Haýrettin Uçak, epidemiýa döwründe üzüme bolan talabyň artandygyny we Türkiýäniň 2020-njy ýylda 158 million dollarlyk üzüm eksport edendigini belledi.

Haýrettin Uçak, Türkiýäniň üzüm eksportynyň 2021-nji ýylyň 10 aýlyk döwründe 36 göterim artyp 160 million dollara ýetendigini ýatlatdy.


Etiketkalar: #gekdar , #eksport , #üzüm

Degişli Habarlar