Oktýabr Aýynda Eksport 20 Göterim Artdy

“Eksport oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,2 göterim artyp 20,8 milliard dollara barabar boldy"

1727665
Oktýabr Aýynda Eksport 20 Göterim Artdy

Söwda ministri Mehmet Muş oktýabr aýynda ekspordyň ýokarlandygyny aýtdy.

Ministr Muş “Eksport oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,2 göterim artyp 20,8 milliard dollara barabar boldy. Geçen aý Respublika taryhynda ilkinji gezek aýlyk eksport görkezijileri ýokarlady” diýdi.

Mehmet Muş, “Soňky 12 aýlyk eksport 215,7 milliard dollara barabar boldy we täze rekord goýuldy. Ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan 9 aýlyk döwürde eksport geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33,9 göterim artyp 181,8 milliard dollara barabar boldy”diýdi.

Ministr Muş, oktaýbr aýynda ekspordyň import bilen deňeşdirilende geçen ýyla görä 5,6 bal artyp 93,4-e ýetendigini nygtady.


Etiketkalar: #Mehmet Muş , #Söwda , #eksport

Degişli Habarlar