Sentýabr Aýynda Eksport 30 Göterim Artdy

12 aýlyk eksport 212,2 milliard dollar bilen Respublika taryhynyň rekordy goýuldy.

1713560
Sentýabr Aýynda Eksport 30 Göterim Artdy

Türkiýäniň eksporty sentýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 30 göterim artyp 20,8 milliard dollara barabar boldy.

Söwda ministri Mehmet Muş bilen Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň başlygy Ismail Gülle eksport görkezijileri hakynda metbugata beýannama berdi.

Beýannama görä, eksport sentýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 30 göterim artyp 20,8 milliard dollara barabar boldy.

Şeýlelikde Respublika taryhynda ilkinji gezek eksport aýlyk 20 milliard dollardan geçdi.

12 aýlyk eksport hem 212,2 milliard dollar bilen Respublika taryhynyň rekordy goýuldy.

Üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk eksporty 36 göterim artyp 161 milliard dollara barabar boldy.



Degişli Habarlar