Awtoulag Pudagy 5 Aýda 72 Göterim Ösüş Etdi

Türkiýänin awtomobil we ýeňil awtoulag bazary 2021-nji ýylyň bäş aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 72 göterim ösüş etdi

1650325
Awtoulag Pudagy 5 Aýda 72 Göterim Ösüş Etdi

Atwoulag Distribýuratorlary Jemgyýetinden berilen beýannama görä Türkiýede awtomobil we ýeňil awtoulag satuwlary ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda ýyllyk 72 göterim ýokarlap, 314,882 ulga deň boldy. Pudakda geçen ýylyň bäş aýynda jemi 183,95 ulag satylypdy.

Üstümizdäki ýylyň bäş aýynda 2020-nji ýylyň degişli döwrüne gröä awtoulag satuwlary 69,2 göterim ýokarlap, 247,977, ýeňil awtoulag satuwlary bolsa 83 göterim ýokarlap, 66,905-e deň boldy.

Jemi bazarda maý aýynda bolsa 54,734 ulag satyldy.



Degişli Habarlar