Aprel Aýynda Eksport 109,2 Göterim Artdy

Aprel aýynda eksport 109,2 göterim artyp 18 milliard 786 million dollara barabar boldy

1647820
Aprel Aýynda Eksport 109,2 Göterim Artdy

 

Türkiýäniň eksporty aprel aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 109,2 göterim artyp 18 milliard 786 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Söwda ministrligi tarapyndan taýarlanan aprel aýynyň eksport görkezijileri çap edildi.

2021-nji ýylyň aprel aýynda eksport 2020-njy ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 109,2 göterim artyp 18 milliard 786 million dollara barabar boldy.

Eksport üstümizdäki ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde bolsa geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 33,1 göterim artyp 68 milliard 739 million dollara barabar boldy.


Etiketkalar: #artmak , #eksport , #aprel

Degişli Habarlar