Türkiýäniň kakadylan inijir eksporty 158 million dollara ýetdi

Germaniýa, Fransiýa we ABŞ ýaly ýurtlar kakadylan injir eksportynda iň esasy bazarlar boldy.

1595194
Türkiýäniň kakadylan inijir eksporty 158 million dollara ýetdi

Türkiýäniň möhüm oba hojalyk önümi bolan kakadylan injir eksporty boýunça möwsümiň başyndan bäri ýerine ýetirilen eksport, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 2 göterimlik artyş bilen 158 million dollara ýetdi. 

Egeý eksportçylar bileleşiginden berilen beýanata görä, kakadylan injirde 2020-nji ýylyň 30-nji sentýabrynda başlan eksport möwsümi 2021-nji 27-nji fewralyna çenli 158 million dollar gymmadynda 43 müň 415 tonna önüm satyldy. 

Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende eksportda gymmatlyk taýdan 2 göterimlik artyş hasaba alyndy. Germaniýa, Fransiýa we ABŞ ýaly ýurtlar kakadylan injir eksportynda iň esasy bazarlar boldy.



Degişli Habarlar