Türkiýe fewral aýynyň eksporty boýunça täze rekorda eýe boldy

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan: "Ähli wagtlaryň iň ýokary fewral aýy eksport görkezijilerine eýe boldyk" diýip habar berdi

1593693
Türkiýe fewral aýynyň eksporty boýunça täze rekorda eýe boldy

Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň başlygy Ismail Gülläniň we 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkiýäniň Eksportçylar mejlsiiniň Zenanlar mejlisiniň agzalarynyň gatnaşmagyndaky metbugat ýygnagynda fewral aýynyň eksport görkezijileri barada beýanat berdi. 

Ruhsar Pekjan, fewral aýynyň eksportynyň 9,6 göterimlik artyş bilen, 16 milliard 12 million dollar bolandygyny belläp: "Şeýlelik bilen ähli wagtlaryň fewral aýlarynyň iň ýokary eksport görkezijilerine eýe boldyk" diýip habar berdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli ykdysadyýetde kyn geçen ýyla garamazdan, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň täsirli öňüni alyş çäreleri bilen beýleki ýurtlaryň ykdysadyýetlerine garanyňda položitel görkezijilere eýe bolandygyny aýdan Ruhsar Pekjan, Türkiýäniň G-20-ä agza ýurtlaryň içinde Hytaý bilen birlikde položitel ýagdaýda ösüş eden 2 ýurdyň biri bolandygyna ünsleri çekdi. 

Ruhsar Pekjan, ýylyň ilkinji 2 aýy boýunça eksportyň importa bolan gatnaşygy, 79,5 göterimden 82,9 göterime ýokarlandygyny mälim etdi. 

Pekjan, altyndan daşary eksportyň importa bolan gatnaşygynyň fewral aýynda 86,4 göterim, ýanwar-fewral aýlarynda bolsa şol görkezijiniň 86,8 göterim bolandygyny aýan etdi. 

Ruhsar Pekjan: "Fewral aýynda import 2020-nji ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende 9,8 göterim artyp, 19 milliard 372 million dollar boldy. Ýylyň ilkinji 2 aýynda daşary söwda ýetmezçiligi 15,3 göterime çenli peseldi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #fewral , #Ruhsar Pekjan

Degişli Habarlar