Türkiýäniň doňdurma eksporty artdy

Kahramanmaraş welaýatyndaky doňdurma öndürijiler, 2020-nji ýylda dünýäniň 21 ýurduna 1,2 million dollarlyk doňdurma eksport etdi

1592354
Türkiýäniň doňdurma eksporty artdy

Türkiýäniň 2020-nji ýyldaky doňdurma eksporty, 2019-njy ýyla garanyňda takmynan 7 göterimlik artyş bilen 35,7 million dollara ýetdi. 

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň berýän habaryna görä, Türkiýäniň 2019-njy ýyldaky 33,4 million dollar bolan doňdurma eksporty, takmynan 7 göterimlik artyş bilen 35,7 million dollara ýetdi. 

2020-nji ýylda Türkiýede öndürilen 459 million 643 müň 234 litr doňdurmanyň takmynan 17 göterimlik bölegi bolan 77 million 195 müň 801 litri Kahramanmaraş welaýatynda öndürildi. 

Kahramanmaraş welaýatyndaky doňdurma öndürijiler, 2020-nji ýylda dünýäniň 21 ýurduna 1,2 million dollarlyk doňdurma eksport etdi. 



Degişli Habarlar