Türkiýe Deňiz Önümleriniň Eksportunda Rekord Goýdy

Türkiýe 2019-njy ýylda 1,011 milliard dollar barabar bolan deňiz önümlerinin eksportyny 2020-nji ýylda 1,053 milliard dollara ýetirip, rekord goýdy

1584652
Türkiýe Deňiz Önümleriniň Eksportunda Rekord Goýdy

Türkiýe liderlige eýe bolan okun balynyň önümçiliginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7 göterimlik artyş bilen 355,6 million dollar girdeji aldy.

Türkiýeden okun balygyny import eden esasy ýurt 85,2 million dollar bilen Gollandiýa boldy. Britaniýa 58 we İtaliýa 52 million dollarlyk okun balyny aldy.

Deňiz töpüniň eksporty bolsa 2020-nji ýylda 311 million dollara barabar boldy. Deňiz töpiniň eksportunda birinji orny 56,5 million dollar bilen İtaliýa eýeledi. Türkiýe Gresiýa 42,18 million dollarlyk eksport etdi.

Türkiýe deňiz önümleriniň eksportyny 2021-nji ýylyň birinji aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 12 göterim ýokarlandyryp, 100,8 million dollara ýetirdi.



Degişli Habarlar