Ruhsar Pekjan Demirgazyk Makedoniýanyň Ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, iş sapary bilen Türkiýä gelen Demirgazyk Makedoniýanyň Ykdysadyýet ministri Kreşnik Bekteşi bilen duşuşyk geçirdi

1579823
Ruhsar Pekjan Demirgazyk Makedoniýanyň Ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Söwda ministrliginde geçirilen toparara gepleşikleriň barşynda, Türkiýe bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi we berkidilmegi bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Maslahatda iki ýurdyň arasynda 2001-nji ýyldan bäri güýjüni saklaýan we söwda gatnaşyklaryna goşant goşan Erkin söwda ylalaşygynyň täzelenmegi we hyzmat pudagyny hem öz içine aljak ýagdaýda giňeldilmegi üçin gepleşikleriň başladylmagy babatynda karar kabul edildi. 

Iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň hem maslahatlaşylan maslahatda, maýa goýumlaryň artdyrylmagy barada çagyryş berildi. 

Mundan başgada şu ýylyň içinde bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatynyň we ýylyň ilkinji ýarymynda Maýa goýum formunyň geçirilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy. 



Degişli Habarlar