Türkiýäniň Apelsin Eksporty 129 Million Dollara Barabar Boldy

Apelsin eksportunda Russiýa 63 million 482 müň dollar bilen esasy orun eýeleýär

1576537
Türkiýäniň Apelsin Eksporty 129 Million Dollara Barabar Boldy

 

2020-njy ýylda Türkiýäniň apelsin eksporty 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 41 göterim artyp 129 million dollara barabar boldy.

Egeý Eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, 2019-njy ýylda Türkiýe apelsin eksportundan 91 million 492 müň dollarlyk girdeji gazanypdy.

2020-njy ýylda 60 ýurda apelsin eksport edilip, 129 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

Apelsin eksportunda Russiýa 63 million 482 müň dollar bilen esasy orun eýeleýär.

Eksport sanawynda 19 million 111 müň dollar bilen Yrak 2-nji, 15 million 314 dollar bilen Ukraina 3-nji orun eýeleýär.


Etiketkalar: #Russiýa , #eksport , #apelsin

Degişli Habarlar