Türkiýäniň Zeýtun Ýagy Eksporty 20 Göterim Artdy

10 müň 951 tonna zeýtunýagy eksport edildi.

1566550
Türkiýäniň Zeýtun Ýagy Eksporty 20 Göterim Artdy

 

Türkiýäniň zeýtun ýagy eksporty 20 göterim artyp 27,8 million dollara barabar boldy.

Egeý eksportçylar birleşmesinden berlen beýannama görä, 2020-njy ýylyň noýabr aýynyň 1-i bilen dekabr aýynyň 31-i aralygynda zeýtun ýagy eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20 göterim artyp 23,1 million dollardan 27,8 million dollara ýetdi.

Ady agzalýan döwürde 10 müň 951 tonna zeýtun ýagy eksport edildi.



Degişli Habarlar