Ruhsar Pekjan: " 2020-nji ýylyň eksportyny taryhy bir rekord bilen ýapdyk" diýdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, 2020-nji ýylyň eksportyny taryhy bir rekord bilen ýapandyklaryny habar berdi

1557742
Ruhsar Pekjan: " 2020-nji ýylyň eksportyny taryhy bir rekord bilen ýapdyk" diýdi

Söwda ministri Ruhsar Pekjan, "2020-nji ýylyň Daşary söwdasynyň jemlerini jemlemek" maslahatynda beren beýanatynda: "Eksporty 2020-nji ýyly taryhy bir rekord bilen ýapdyk" diýip mälim etdi. 

Ruhsar Pekjan, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda eksportyň 2019-njy ýylyň dekabr aýyna garanyňda 16 göterimlik artyş bilen, 17 milliard 844 million dollar bolandygyny we ol görkezijiniň ähli wagtlaryň dekabr aýlarynyň iň ýokary görkezijisidigini habar berdi. 

"2020-nji ýylyny 169,5 milliard dollarlyk eksport bilen ýapdyk. Bu eksportymyzyň we Türkiýäniň üstünligidir" diýip bellän Ruhsar Pekjan, 2020-nji ýylyň soňky çärýegindäki görkeziji bolan 51,2 millard dollarlyk eksport bilen iň ýokary çärýek eksporty rekordynyň täzelenendigini beýan etdi. 

2020-nji ýylda eksportyň importa bolan gatnaşygynyň bolsa 77,3 göterimdigini aýdan Pekjan, altyndan daşary hasaplananda bolsa görkezijiniň 85,8 göterimdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar