Tunis Bilen 150 Million Dollarlyk Şertnama Baglaşyldy

Türk goranyş senagaty edarasy Tunis bilen goranyş pudagy boýunça 150 million dollarlyk şertnama baglaşdy

1551371
Tunis Bilen 150 Million Dollarlyk Şertnama Baglaşyldy

Eksport ediljek harytlaryň düzüminde uçarmansyz howa ulagy, sowuly ulag we optiki enjamlar bar.

Türkiýe bilen Tunisiň arasynda Goranyş senagatynda hyzmatdaşlyk maslahaty wideo araganaşyk usuly bilen geçirildi.

Türk Awiasiýa we Kosmos Senagaty kompaniýasy tarapyndan öndürilen ANKA-S uçarmansyz howa ulaglary ilkinji gezek Tunise eksport ediler. Tunis Türkiýeden ANKA-S, sowutly ulag, tanker we elektro-optiki ulgamlary satyn aldy.

Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir 5 firma bilen jemi 150 million dollarlyk şertnama baglaşylandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar