Türkiýeden Hytaýa barýan ilkinji eksport otlusy Baku bardy

Otlydaky 42 konteýner Gazagystanyň Aktau portyna barýan ýük gämisine ýüklendi

1543516
Türkiýeden Hytaýa barýan ilkinji eksport otlusy Baku bardy

Türkiýeden Hytaýa eksport önümlerini daşaýan ilkinji eksport otlusy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheriniň Alat portyna bardy. 

Türkiýäniň Stambul şäherinden dabara bilen ugradylan ilkinji eksport otlusy, Baku şäherine 70 km uzaklykda ýerleşýän Alat şäherçesindäki Baku Halkara deňiz söwda portyna bardy. 

Otlydaky 42 konteýner Gazagystanyň Aktau portyna barýan ýük gämisine ýüklendi. 

Sowadyjy enjamlary daşaýan ýük otlusynyň ýolagçylygy Gazagystany geçeninden soň Hytaýyň Şi şäherinde tamamlanar. 


Etiketkalar: #Baku , #Alat , #otly , #Hytaý , #Türkiýe

Degişli Habarlar