Türkiýäniň Ter Gök We Miwe Önümleriniň Eskporty 22 Göterim Artdy

Ter gök we miwe önümleriniň eksportynda Russiýa 778 million 297 müň dollar bilen esasy orun eýeleýär

1541801
Türkiýäniň Ter Gök We Miwe Önümleriniň Eskporty 22 Göterim Artdy

Ortaýer deňizi eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýäniň ter gök we miwe önümleriniň eksporty ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 22 göterim artyp 2 milliard 325 million 821 müň dollara barabar boldy.

Geçen ýyl 11 aýda 1 million 909 million 997 müň dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edilipdi.

Şol mukdar üstümizdäki ýyl 2 milliard 325 million 821 müň dollara çenli baryp ýetdi.

Ter gök we miwe önümleriniň eksportynda Russiýa 778 million 297 müň dollar bilen esasy orun eýeleýär.

Russiýadan soň  eksport sanawynda 233 million 710 müň dollar bilen Germaniýa 2-nji, 175 million 121 müň dollar bilen Yrak 3-nji, 151 million 460 müň dollar bilen Ukraina 4-nji orny eýeleýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar