Türkiýeden Hytaýa barýan ilkinji eksport otlusy Ankaradan geçdi

Uzynlygy 754 metr bolan otly, 42 konteýnerden ybaratdyr

1540616
Türkiýeden Hytaýa barýan ilkinji eksport otlusy Ankaradan geçdi

Türkiýeden Hytaýa eksport önümlerini daşaýan we 8 müň 693 km ýol geçmegi meýilleşdirilen ilkinji eksport otlusy, ýurdyň paýtagty Ankaradan geçdi. 

Demir Ýüpek ýoly diýip atlandyrylýan, Aziýa bilen Ýewropany biri-biri bilen birleşdirýän Demir Ýüpek ýoly-Orta koridorynyň üsti bilen, Türkiýeden Hytaýa ilkinji eksport önümlerini alyp gitmegi maksat edinýär. 

Türkiýäniň içinde 2 müň 323 km ýoly, 8-nji dekabrda sişenbe güni agşam dolulygyna geçip Karsa barjak otly, ondan soň bolsa Baku-Tbilisi-Kars demir ýoluny ulanyp Hytaýa tarap ýoluny dowam etdirer. 

Ýurdyň daşyndaky ýoly bolsa Gruziýa, Azerbaýjan, Hazar deňizi, Gazagystan ýaly ýurtlardan geçip, Hytaýyň Şi şäherine barar. 

Uzynlygy 754 metr bolan otly, 42 konteýnerden ybaratdyr. 

Türkiýede öndürilen 1 müň 400 sowadyjy daşaýan otly, Hytaýa takmynan 12 günde barmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar