Türkiýeden Hytaýa gitjek ilkinji eksport otlusy Stambuldan ýola çykdy

Otly 8693 km ýol geçip, 2 materigi, 2 deňizi we 5 ýurdy geçip ýüküni Hytaýa 12 günde elter

1539665
Türkiýeden Hytaýa gitjek ilkinji eksport otlusy Stambuldan ýola çykdy

Otly Marmaraýdan geçip Baku-Tbilisi-Kars demir ýol liniýasynyň üsti bilen Hazar deňizinden geçip Gündogar-Günbatar Orta koridorynyň üsti bilen Hytaýa barar. 

Otly 8693 km ýol geçip, 2 materigi, 2 deňizi we 5 ýurdy geçip ýüküni Hytaýa 12 günde elter. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Ilkinji gezek Hytaýdan ýola çykan we ýurdumyzyň ýolbaşçylyk etmeginde Hazar deňiziniň üstünden, Gündogar-Günbatar orta koridor we Marmaraýyň üsti bilen 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Ýewropanyň Praga şäherine baran tranzit otlydan soň Hytaý bilen Türkiýe, Ýewropa giden otlynyň üsti bilen 10 blok otly işletdiler. Bu gezek eksport ýüküni daşaýan ilkinji otly Türkiýeden Hytaýa tarap hereket etdi" diýip mälim etdi. 

Beýanatda, Türkiýäniň Gündogar bilen Günbataryň arasynda hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi we sebitinde merkezi pozisiýasyny berkitmek maksady bilen transport ugrunda gerek bolan ädimleri etmäge dowam etjekdigi habar berildi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Hytaý , #otly

Degişli Habarlar