Türkiýe 94 Ýurda Antep Fystygyny Eksport Etdi

Türkiýe ýylyň 10 aýynda amala aşyran Antep fystygy eksportundan 90,4 million dollar girdeji aldy

1525825
Türkiýe 94 Ýurda Antep Fystygyny Eksport Etdi

Antep fystygy ýylyň 10 aýynda Germaniýa, Italiýa, Gollandiýa, Ukraina, Portugaliýa we Kuba bilen bilelikde 94 ýurda eksport edildi.

Günorta-gündogar Anadoly Eksportçy Bileleşikleriniň görkezijilerine görä 2020-nji ýylyň 10 aýlyk döwründe edilen eksportdan 90 million 471 müň dollar girdeji gazanyldy.

Ýylyň 10 aýynda 94 ýurda 7,864 tonna Antep fystygy eksport edildi.

Antep fystygynyň eksportunda birinji nobatda 1525 tonna bilen Germaniýa durýar.

Germaniýadan soň Hytaýa we Italiýa uly mukdarda Antep fystygy eksport edildi.



Degişli Habarlar