Iki Aýda 41 Ýurda 36 Müň 273 Tonna Sitrus Önümi Eksport Edildi
Eksportdan 17 million 740 müň 811 dollarlyk girdeji gazanyldy
Türkiýeden 2020-2021 eksport möwsüminiň ilkinji iki aýynda aýynda ýagny sentýabr-oktýabr aýlarynda 41 ýurda 36 müň 273 tonna sitrus önümi eksport edildi
Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, 1-nji sentýabrda başlan sitrus eksport möwsüminiň ilkinji iki aýynda 36 müň 273 tonnalyk önüm eksport edilip 17 million 740 müň 811 dollarlyk girdeji gazanyldy.
Eksport sanawynda Russiýa 1-nji orny eýeleýär. Russiýa 2 aýda 12 million 232 müň 342 dollara 24 müň 614 tonna sitrus önümi satyldy.
Ukraina sanawynda 2-nji orny eýeleýär. Sentýabr-oktýabr aýlarynda Ukraina 1million 487 müň 665 dollarlyk sitrus önümi satyldy.
Eksport sanawynda 3-nji orny eýeleýän Yraga bolsa 2 aýda 762 müň 131 dollarlyk sitrus önümi satyldy.
Degişli Habarlar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Polşa tabşyryldy