Türkiýäniň ary bal eksporty artdy

Türkiýe ýylyň ilkinji 9 aýynda 45 ýurda 18 million dollardan gowrak ary balyny satdy

1510410
Türkiýäniň ary bal eksporty artdy

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen beýanata görä, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda 4 müň 101 tonna ary bal eksport edildi. Bu eksportdan 18 million 196 müň 233 dollar girdeji alyndy. 

Geçen ýylyň şol wagt aralygynda bolsa 3 müň 556 tonna ary bal eksportyndan 15 million 672 müň 422 dollar girdeji alynypdy. Şu ýyl ýerine ýetirilen ary bal eksporty, geçen ýylyň şol wagt aralygynda ýerine ýetirilen ary bal eksportyndan mukdar taýdan 15 göterim, gymmatlyk taýdan bolsa 16 göterim artdy. 

Germaniýa, ABŞ we Saud Arabystany iň köp ary bal eksport edilen ýurtlar boldy. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #eksport , #ary bal

Degişli Habarlar