Türk çaýyny iň köp Belgiýalylar içdi

Türkiýeden şu ýylyň 9 aýynda Belgiýa döwleti başda bolmak bilen dünýäniň 105 ýurduna 12 million 182 müň 162 dollarlyk çaý eksport edildi

1506019
Türk çaýyny iň köp Belgiýalylar içdi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen maglumata görä, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda dünýäniň 105 ýurduna 3 müň 109 tonna çaý eksport edildi. 

Eksportdan 12 million 182 müň 162 dollar girdeji alyndy. 

Geçen ýylyň şol wagt aralygynda çaý eksportyndan 3 müň 88 tonnadan 10 million 771 müň 525 dollar girdeji alynan bolsa, şu ýyl geçen ýyla garanyňda mukdar taýdan 0,7 göterimlik, gymmatlyk taýdan 13 göterimlik artyş bellige alyndy. 

Türkiýäniň çaý eksportynda ilkinji oruny 3 million 991 müň 715 dollar bilen Belgiýa eýeledi. Bu ýurda 936 tonna çaý eksport edildi. 

Belgiýadan soň 1 million 659 müň 629 dollar Germaniýa, soň bolsa 864 müň 594 dollar bilen ABŞ gelýär. 

Geçen ýylyň şol wagt aralygynda çaý eksport edilmedik Panama, Tanzaniýa, Mali, Bagama adalary, Kabo-Werde, Estoniýa, Sudan, Indoneziýa, Burkino-Faso, Wýetnam, Serbiýa, Gabon we Mawrikiý ýaly ýurtlara çaý satyldy. 


Etiketkalar: #eksport , #Belgiýa , #türk , #çaý

Degişli Habarlar