Dalbasty çereşnýasyndan 4,5 million liralyk girdeji gazanyldy

Şu ýyl 630 tonna Dalbasty çereşnýasy eksport edildi

1469064
Dalbasty çereşnýasyndan 4,5 million liralyk girdeji gazanyldy

 

Malatýanyň Ýeşilýurt etrabynda ösdürlip ýetişdirilýän çereşnýadan şu ýyl 4,5 million liralyk girdeji gazanyldy.

Malatýada erikden soň şäheriň esasy girdeji çeşmesi bolan we özüne mahsus tagamy bilen tanalýan “dalbasty” çereşnýasynyň hasyly şu ýyl bereketli boldy.

Şu ýyl 630 tonna Dalbasty çereşnýasy eksport edilip, 4,5 million liralyk girdeji gazanyldy.

 Dalbasty çereşnýasy Germaniýanyň, Norwegiýanyň we Russiýanyň başda durmagynda dünýäniň çar tarapyna eksport edildi.



Degişli Habarlar