ÝB-e agza ýurtlaryna eksport iýul aýynda artdy

Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara iýul aýyndaky eksporty iýun aýyna garanyňda 20 göterim artdy

1468158
ÝB-e agza ýurtlaryna eksport iýul aýynda artdy

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisinden berilen beýanata görä, iýun aýynda 5 milliard 208 million 745 müň dollar bolan ÝB-e agza ýurtlara eksport, iýul aýynda 11,6 göterim artyp, 5 milliard 815 million 88 müň dollara ýetdi. 

Ady agzalan döwürde iň köp eksport artyşy Lýuksemburg döwletine boldy. 

Türkiýäniň Lýuksemburga iýun aýynda 2 million 626 müň dollar amala aşyran eksporty iýul aýynda 151 göterim artyp, 6 million 593 müň dollara ýetdi. 



Degişli Habarlar