Hytaýdan ýola çykan otly Türkiýä gelip ýetdi
20-nji iýulda Hytaýdan hereket eden 1 müň 56 metr uzynlygyndaky ägirt uly otly Türkiýä gelip ýetdi
1465585
Transport we infrastruktura ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, düýn Türkiýäniň wagty bilen sagat 09:00-da Izmitiň Köseköý otly duralgasyna ýeten otlynyň ýüküniň düzüminde esasan hem lukmançylyk enjamlary bar.
50 konteýnerden ybarat, 1 müň 992 tonna agyrlykdaky otly, Baku-Tbilisi-Kars otly liniýasyndan geçen, iň uzyn import otlusy aýratynlygyna eýe boldy.
Otlynyň düzüminde şeýle hem Germaniýa we Italiýa gitjek 4 sany aýratyn konteýner bar.
Degişli Habarlar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Polşa tabşyryldy