Türkiýede sarp ediji ynam indeksiniň artmagy bilen bagly resmiler beýanat berdiler

Türkiýede sarp ediji ynam indeksi iýun aýynda maý aýyna garanyňda 5,2 göterim artyp, 62,6 göterime barabar boldy

1441012
Türkiýede sarp ediji ynam indeksiniň artmagy bilen bagly resmiler beýanat berdiler

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, sarp ediji ynam indeksinde iýun aýynda bolan artyşyň, dikelmäniň görkezijileriniň položitel ýagdaýdadygyny görkezýändigini habar berdi. 

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank hem twitter hasabyndan beren beýanatynda, sarp ediji ynam indeksindäki artyşy has güýçli we hemişelik ýagdaýa getirjek syýasatlar bilen ýylyň 2-nji çärýegindäki ykdysady galkynyşy tizleşdirjekdiklerini mälim etdi. 

Türkiýede sarp ediji ynam indeksi iýun aýynda maý aýyna garanyňda 5,2 göterim artyp, 62,6 göterime barabar boldy.

 



Degişli Habarlar