Eýran milli pul birligini üýtgedýär

Merkezi Bankyň başlygy Himmeti, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda rialdan soňky 4 noluň aýrylmagy üçin taýarlanan kanun taslamasyny hökümetiň garamagyna hödürländigini aýan edipdi

1410550
Eýran milli pul birligini üýtgedýär

Eýranyň Mejlisi, milli pul birligini rialdan soňky dört nolunyň aýyrylmagy we milli pul birliginiň tümene üýtgedilmegini öz düzüminde jemleýän kanun taslamasyny kabul etdi. 

Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Abdunnasyr Himmeti, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Eýranyň mejlisi tarapyndan kabul edilen karary aýan etdi. 

Himmeti beren beýanatynda: "Şu gün irden mejlisde geçirilen ýygnakda Merkezi Bank tarapyndan hödürlenen, hökümetiň milli pul birliginden soňky 4 noluň aýrylmagyny we tümeniň ýurdyň milli pul birligi hökmünde kesgitlenmegini öz düzüminde jemleýän kanun taslamasy kabul edildi" diýip habar berildi. 

Hökümet tarapyndan ediljek ädimlerden soň rialyň ýerine tümeniň geçjekdigini aýdan Himmeti, rialdan soňky 4 noluň aýrylmagynyň ýurtda inflýasiýa sebäp boljakdygy baradaky tankydy bellikleri ret etdi. 

Merkezi Bankyň başlygy Himmeti, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda rialdan soňky 4 noluň aýrylmagy üçin taýarlanan kanun taslamasyny hökümetiň garamagyna hödürländigini aýan edipdi. 



Degişli Habarlar