Russiýa nebit önümçiligini azaltmagy kabul etdi

Russiýa nebit önümçiligini 1,6 million barrel azaltmagy kabul etjekdigini mälim etdi

1394398
Russiýa nebit önümçiligini azaltmagy kabul etdi

Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Energetika ministrliginden resmileriň biri, OPEK-e agza we gurama agza bolmadyk ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, nebit önümçiligini 1,6 million barrel azaltmagy kabul etjekdigini aýan etdi. 

Saud Arabystany, OPEK-e agza we Russiýanyň ýolbaşçylyk etmegindäki OPEK-e agza bolmadyk beýleki käbir nebit öndüriji ýurtlaryň arasynda adaltly bir ylalaşygyň ýola goýulmagy üçin gyssagly ýagdaýda maslahatyň geçirilmegi barada çagyryş beripdi. 

Şol sebäpli OPEK-e agza we OPEK-e agza bolmadyk ýurtlaryň arasynda 9-njy aprelde wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly maslahatyň geçirilmegi barada karara gelinipdi. 


Etiketkalar: #önümçilik , #nebit , #Russiýa

Degişli Habarlar