OPEK-e agza we oňa agza bolmadyk ýurtlaryň maslahaty 6-njy aprelde geçiriler

Azerbaýjanyň Energetika ministrligi, OPEK bilen oňa agza bolmadyk käbir nebit öndüriji ýurtlaryň arasyndaky maslahatyň 6-njy aprelde wideo konferensiýa arkaly geçiriljekdigini habar berdi

1390627
OPEK-e agza we oňa agza bolmadyk ýurtlaryň maslahaty 6-njy aprelde geçiriler

Azerbaýjanyň Energetika ministrliginden berilen beýanatda, OPEK bilen oňa agza bolmadyk ýurtlaryň nebit bazarlaryny durnuklylaşdyrmak üçin maslahat geçirjekdigi aýan edildi. 

Maslahatyň 6-njy aprelde wideo konferensiýa arkaly geçiriljekdigi aýdylýan beýanatda, Azerbaýjanyň hem çagyrylan maslahatda täze bir hyzmatdaşlyk beýannamasynyň ara alynyp maslahatlaşyljakdygy mälim edildi. 

Beýanatda, ady agzalan maslahatyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon sşhbetdeşliginden soň Saud Arabystanynyň çagyryşyna laýyklykda geçiriljekdigi habar berildi. 

Saud Arabystany, OPEK-e agza we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky OPEK-e agza bolmadyk nebit öndüriji ýurtlaryň arasynda adalatly bir ylalaşygyň gazanylmagy üçin düýn gyssagly maslahatyň geçirilmegi barada çagyryş beripdi. 

 



Degişli Habarlar