TürkAkym tebigy gaz turba geçirijisi şu gün dabaraly ýagdaýda açylar

Prezident Erdogan açyşjak myhman döwlet we hökümet baştutanlary bilen özara duşuşyk geçirer

1336589
TürkAkym tebigy gaz turba geçirijisi şu gün dabaraly ýagdaýda açylar

Rus tebigy gazyny Türkiýä we Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak TürkAkym tebigy gaz turba geçirijisi şu gün dabaraly ýagdaýda açylar

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, geçirijiniň açylyş dabarasyna Prezident R. T. Erdogan, Russiýa Federassiýasynyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini Serwiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç bilen Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow gatnaşar.

Prezident Erdogan açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Stambula gelen myhman döwlet we hökümet baştutanlary bilen özara duşuşyk geçirer.

Duşuşyklarda özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýanyň we Liwiýanyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar