Bütindünýä banky, Afrika ýurtlaryna 53 milliard dollarlyk pul kömegini berer

53 millliard dollar, Afrika ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşi, tebigy apatlara we klimat çalşygyna garşy göreş üçin sarp ediler

1325525
Bütindünýä banky, Afrika ýurtlaryna 53 milliard dollarlyk pul kömegini berer

Bütindünýä banky, Afrikanyň “aşa ýoksul” ýurtlarynyň galkynyşy üçin 53 milliard dollarlyk pul kömegini berer.

Bütindünýä bankynden berlen beýanatda, Halkara ösüş gullugy arkaly beriljek 53 millliard dollaryň, Afrikadaky aşa ýoksul ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşi, tebigy apatlara we klimat çalşygyna garşy göreş we halkyň esasy mätäçlikleriniň giderilmegi üçin sarp ediljekdigi nygtaldy.

Beýanatda şol goldawyň ýoksul Afrika ýurtlaryndaky galkynyş maýa goýumlarynyň güýçlendirilmegine itergi berjekdigi ýatladyldy.

53 milliard dollarlyk pul kömeginiň 2020-njy ýylyň iýul aýy bilen 2023-nji ýylyň aralygyndaky 3 ýyllyk döwürde berilmegi meýilleşdirilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar